Hyundai hereketlendirijide gysga utgaşma howpy zerarly 13,5 müň ulagyny yzyna çagyrýar

  • 06.05.2024 10:34
  • 5.4k+

Hyundai kompaniýasy işlenen gazyň aýlawynyň (resirkulýasiýasynyň) klapanynyň defekti (EGR) sebäpli, 2024-nji ýylda çykan 13 müň 511 ulagyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. BorgWarner zawodynda toplum ýygnalanda goýberilen kemçilik gysga utgaşma getirip bilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, hereketlendirijiniň togtamagyna sebäp bolup biler diýip, IXBT ýazýar.

Bu mesele kompaniýanyň Elantra modeliniň 7 349-syna, Venue modeliniň 2364-sine we Kona modeliniň 3798-sine degişli
Hyundai kompaniýasy mart aýynda hereketlendirijileriniň duýdansyz durup başlandygy barada habarlary alyp başlady. Jemi 14 ýagdaý hasaba alyndy. Bu ýagdaýlaryň hiç birinde hem ýol heläkçilik hadysalary, şikes almalar ýa-da ölüm ýagdaýy hasaba alynmady.
Ýol heläkçilik hadysalarynyň hasaba alynmandygyna garamazdan, Hyundai mugt abatlaýyş işlerini geçirmek üçin awtomobillerini yzyna çagyrmagy karar etdi. EGR-iň näsaz klapany bilen awtoulagy dolandyrmak howpsuz bolman biler, aýratyn hem bu ýokary tizlikde howpludyr. Kemçilikli detal täzesine çalşylyp berler.


12.06.2026 08:19
2.3k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......