Halkara gatnaşyklary instituty düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

  • 03.05.2024 16:02
  • 7k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Merdan Çaryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Nurana Rejepgulyýewa, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýewa adyndaky Diplomatik akademiýasynyň talyby Adeli Raimkulowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň orny» diýen temada düzme ýazmak boýunça geçiren halkara bäsleşiginde birinji orny eýelediler.

Bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde ikinji orunlary bäsleşige gatnaşyjylaryň bäşisi eýelediler, şolaryň ikisi biziň ýokary okuw mekdeplerimiziň wekilleri – Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti we Türkmenistanyň DIM-niň HGI-i. Baýrak eýeleriniň üçüsi bolsa – Täjik milli uniwersitetiniň, Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň hem-de Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplarydyr. 
Üçünji orunlaryň 8-si Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň talyplaryna berildi. Bu tapgyrda baýrak eýesiniň biri – Täjik milli uniwersitetiniň talyby boldy. 
Bäsleşigiň netijeleri boýunça talyplaryň 30-sy höweslendiriji orunlary aldylar. 
Garaşsyz eminler tarapyndan awtorlyk işlerine baha berlende, halkara ynsanperwer hukugy ulgamyna degişli bilimler, pikiriň özboluşlylygy, işiň mazmunynyň bäsleşigiň yglan edilen temasyna laýyk gelşi hem-de beýan edilişiniň hili göz öňünde tutuldy. 
Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlary sylaglanyş dabarasynyň çäklerinde gowşurylar.
Dabara Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nde 8-nji maýda geçiriler. 


düýn 17:50
1.6k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

düýn 10:38
1.4k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

12.05.2026 20:28
1.6k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
3.1k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......