ABŞ-nyň ilkinji prezidentiniň goýan ülje şerbetli çüýşeleri tapyldy

  • 27.04.2024 22:31
  • 19k+

Wirjiniýa ştatynyň Maunt-Wernon şäherinde ABŞ-nyň ilkinji prezidenti Jorj Waşingtonyň köşgüniň durky täzelenende, arheologlar adaty bolmadyk artefakta gabat geldiler diýip, Live Science ýazýar.

Gürrüň jaýyň ýerzemininde gizlin ýerde saklanyp galan, agzy möhürlenen iki aýna çüýşe hakda barýar. Arheologlar çüýşeleriň içindäkini gözden geçirenlerinden soň, olarda bitin üljeli şerbetiň  bardygyny anykladylar. Jorj Waşington we onuň aýaly Marta brendiden, ysly otlardan, şekerden we üljeden ýasalan ülje baunsy diýlip atlandyrylýan içgini diýseň gowy görer ekenler.
Arheologlaryň sözlerine görä, çüýşe gaplar 1758-nji we 1776-njy ýyllar aralygynda gömülip goýlupdyr we 250 ýyl töweregi el degrilmän saklanyp galypdyr.


düýn 20:25
6.3k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.6k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......