Gurbanguly Berdimuhamedow "Arkadag" futbol toparynyň futbolçylarynyň türgenleşiklerini synlady

  • 27.04.2024 07:31
  • 24k+

26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Şäheriň köpugurly stadionynda Gurbanguly Berdimuhamedow futbolçylaryň türgenleşiklerini synlady.
Mälim bolşy ýaly, bu futbol topary 2023-nji ýylda döredilip, ilkinji ýyldan üstünlikli çykyş etdi. Şeýlelikde, “Arkadag” futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ýurdumyzyň Kubogyna eýe boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow futbolçylaryň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, döwletimiziň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli waka öwrülendigini aýtdy.
Futbolçylar Arkadag şäherinde göwnejaý ýaşamak, dynç almak, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow futbolçylaryň öňde boljak ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.


şu gün 08:13
1.3k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
685

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......