Leonardo DiKaprio Martin Skorsezeniň düşürjek baýopikinde Frank Sinatranyň keşbini oýnar

  • 21.04.2024 15:29
  • 11k+

Amerikaly meşhur režissýor Martin Skorseze täze terjimehal taslamanyň - aýdym-sazyň ikonasy Frenk Sinatranyň durmuşy baradaky filmiň üstünde işleýär diýip, Variety habar berýär.

Leonardo DiKaprio Sinatrany, onuň ikinji aýaly Awa Gardneri bolsa Jennifer Lourens oýnap biler. Aktýorlar “Ýokary seretmäň” filminde eýýäm bilelikde işlediler.
Bu Skorsezäniň Sinatra hakda film döretmekde ilkinji synanyşygy däl. 2009-njy ýylda aýdymçynyň mirasdüşerleriniň rugsady ýoklugy sebäpli taslama togtadylypdy. Şonda Sinatranyň keşbini oýnatmak üçin Jonni Depp bilen Jorj Kluni hem göz öňünde tutulypdy.
Täze wersiýa entek aýdymçynyň gyzy Tina Sinatra tarapyndan  tassyklanmady.
Skorseze şol bir wagtyň özünde başga bir uly göwrümli taslamanyň - Isa Mesih hakdaky filmiň üstünde işleýär. Bu keşp üçin ol Endrýu Garfildi (“Dymmak”, “Ynsaba görä”) ýa-da Maýlz Telleri (“Duçar bolmak”, “Top Gan: Mewerik”) göz öňünde tutýar.
Skorseziň soňky - DiKaprionyň baş keşbi janlandyran “Gül aýynyň ganhorlary” filmi 2023-nji ýylyň güýzünde prokata çykyp, “Oskar”-yň 10 baýragyna dalaşgär görkezilendigini ýatladýarys.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....