Jeýms Gannyň “Supermen” filmi soňky 8 ýylda DC-niň iň üstünlikli taslamasy boldy

  • 15.07.2025 14:50
  • 3.6k+

Jeýms Gannyň režissýorlyk etmegindäki “Supermen” filmi dünýä prokatyna soňky sekiz ýylda DC Studios üçin iň gowy kassa ýygymlary bilen başlady diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Premýera güni film, deslapky görkezişleri hasaba almazdan, 56,5 mln dollar gazandy. Deslapky görkezişlerde bolsa, film 22,5 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň rekordyny goýdy.
Duşenbe gününe çenli umumy kassa ýygymy 217 mln dollara ýetdi (ABŞ-da – 122 mln dollar, beýleki ýurtlarda – 95 mln dollar).
Filmiň önümçilik býujeti 225 mln dollar boldy.
Ýene bir uly reliz – Universal studiýasynyň “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filmi prokatda 500 mln dollardan geçdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, film ABŞ-da 232 mln dollar we halkara bazarlarynda 297 mln dollar gazandy. Umumy mukdar 529 mln dollara ýetdi.
Franşizanyň täze bölümine Skarlett Ýohansson, Jonatan Beýli, Maherşala Ali we beýlekiler gatnaşdy. Režissýor hökmünde Garet Edwards (“Godzilla”) çykyş etdi. 


düýn 19:16
2.2k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
634

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.4k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......