Toyota ýüzlerçe müň täze Prius we Prius Prime awtomobillerini yzyna gaýtarýar

  • 20.04.2024 20:17
  • 12k+

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 55 müň sany 2023-nji we 2024-nji ýyllarda çykan Prius we Prius Prime awtomobillerini yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi hereket wagtynda olaryň gapylarynyň açylyp bilmegi bilen baglanyşyklydyr. Awtoöndürijiniň habar berşi ýaly, bu gapylaryň içine suw girmegi sebäpli gysga elektrik utgaşmasynyň netijesinde bolup geçýär diýip, ixbt.com belleýär.

Dilerler yzky gapylary açmagyň çep we sag pereklýuçatellerini kämilleşdirilen konstruksiýaly täzelerine çalyşmak arkaly bu meseläni çözerler. Ýöne täze mehanizm gurnalýança, Toyota hereket geçiriji gutynyň ryçagy P (Parking) ýagdaýa geçirilende, ähli gapylary awtomatiki gulplama funksiýasyny ulanmagy maslahat berýär.
ABŞ-da yzyna gaýtarylýan 55 müň Prius we Prius Prime-yň üstüne tutuş dünýä boýunça (şol sanda Aziýada we Ýaponiýada) ýene 211 müň Prius goşular – olarda hem şol näsazlyk ýüze çykaryldy. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......