Köneürgenç etrabynda täze häzirkizaman obasy gurulýar

  • 19.04.2024 14:01
  • 14k+

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde täze häzirki zaman obasynyň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda gurulýan binalaryň köpüsiniň gurluşyk işleri tamamlandy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täze şäherçe dolandyryş, durmuş-medeni taýdan we önümçilik maksatly dürli binalardan ybarat bolar. Ähli işler tamamlanandan soň, ýaşaýyş jaý gorlary täze ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary üpjün edýän iki gatly kottejleri bilen dürli görnüşli ýüzlerçe amatly jaýlardan ybarat bolar.
Onda jemgyýetçilik we medeni desgalaryň arasynda 420 okuwçy üçin niýetlenen häzirki zaman orta mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, aragatnaşyk öýi, toý dabaralarynyň häzirki zaman merkezi boljak 500 orunlyk «Toý mekany», ýarym gektar meýdanda ýerleşýän ýapyk bazary bolan söwda merkezi, senagat we azyk dükanlary, ýangyn deposy we beýleki desgalar bar.
Şäherçe inžener-tehniki kommunikasiýalaryň ösen ulgamyna eýe bolar. Onuň üçin bu ýerde Han-ýap kanalynyň we golaýda ýerleşýän kollektoryň üstünden täze awtomobil köprüleri guruldy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....