Türkmenistanda ýokary synp okuwçylaryň arasynda ders bäsleşikleriň I tapgyrynyň netijeleri yglan edildi

  • 12.04.2024 14:39
  • 8.7k+

Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriň I tapgyrynyň netijeleri yglan edildi. Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guraldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

I tapgyrda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça onlaýn-ders bäsleşikleriň dördüsinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylaryň 469-sy çykyş etdiler.
237 okuwçy has köp utuk toplap, bäsleşikleriň jemleýji II tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. Olaryň hatarynda Aşgabatdan 81, Mary welaýatyndan 42, Lebap welaýatynda 32, Balkan welaýatyndan hem şonça, Daşoguz welaýatyndan 26 we Ahal welaýatyndan 24 okuwçy bar.
Jemleýji II tapgyry 22-nji aprelde onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirildi.
Ders bäsleşiklerde I, II we III orunlary eýelän ýeňijiler hem-de baýrak eýeleri, şeýle hem höweslendiriji orunlara mynasyp boljaklar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebinden Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden ýadygärlik baýraklar gowşurylar.


19.06.2026 18:41
3.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.4k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......