GDA ýurtlarynyň DIM-leri Minskde möhüm meseleleri maslahatlaşmak üçin ýygnanyşar

  • 11.04.2024 16:10
  • 6k+

12-nji aprelde Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Duşuşygyň gün tertibi sebit we halkara howpsuzlygyna, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga, şeýle-de 2025-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlanmaga degişli birnäçe meseleleri öz içine alýar.  

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, adaty we täze çagyryşlara hem howplara garşy bilelikde hereket etmek meselelerine aýratyn üns berler.
Ministrler GDA-nyň çäklerinde 2023-nji ýylda köp derejeli Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler meýilnamasynyň we Arkalaşygyň agza döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Hereket maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň jemini jemlärler.
Birnäçe bilelikdäki beýannamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda tassyklanan resminamalaryň käbiri Arkalaşygyň döwlet Baştutanlary tarapyndan soňraky tassyklanma üçin geçiriler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......