Italýan adasynyň häkimiýeti ähli isleg bildirýänlere geçi paýlaýar

  • 09.04.2024 05:24
  • 11k+

Ýabany geçileriň köp bolmagyndan kösenýän Alikudi italýan adasynyň häkimi ähli isleg bildirýänlere mugt geçi almagy teklip etdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.

5 kilometrlik adada geçirilen ilat ýazuwy geçileriň sanynyň, takmynan, 100 adam bolan ilat sanyndan alty esse köpdügini görkezdi.
Haýwanlaryň çendenaşa köp bolmak meselesi ilkinji gezek 2008-nji ýylda ýüze çykdy, ýöne soňky ýyllar ol has güýçlendi. Geçiler adamlaryň rahatlygyny bozup, ýerlerdäki baglary we ösümlikleri zaýalaýarlar, käwagt bolsa ýerli ýaşaýjylaryň öýlerine-de girýärler.
“Öz geçiňi al” başlangyjynyň çäklerinde beýleki ilatly ýerleriň ýaşaýjylary-da ýüz tutup, 10-njy aprele çenli bir ýa-da birnäçe geçini alyp bilýär. Häkimiýetiň belleýşi ýaly, munuň üçin hökman fermer bolmaly däl.
Çaklamalara görä, geçiler bu adada 20 ýyl töweregi mundan öň peýda bolupdyr. Ilkibaşda ýerli ýaşaýjylaryň biriniň haýwanlary köpeltmek meýilnamasy bolan, ýöne ol bu pikirden ýüz öwren bolsa gerek, şonuň üçin olar öz erkine goýberilipdir.
Ýöne ýerli ýaşaýjylar adanyň gaýaly landşafty sebäpli haýwanlary daşamakda köp meseleleriň ýüze çykyp biljekdigini belleýärler.


27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......