Tiz hem tygşytly. FotoLab-dan resminamalar üçin fotosuratlary onlaýn sargyt edip bolýar

  • 04.04.2024 08:11
  • 11k+

FotoLab ykjam goşundysy Aşgabadyň çäginde pasport, wiza, işe girmek, talyp şahsyýetnamasy, ygtyýarnamalar we şahsyýetnamalar üçin gerek bolan fotosuratlary gerek bolan ölçegde onlaýn sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär.

Bu nähili işleýär?
Ýokarda agzalan ýagdaýlaryň her biri üçin surata düşmegiň öz talap edilýän şertleri, ölçegleri bolýar. Mysal üçin, pasport täzelenende ýakynda düşürilen surat gerek, köp sanly wiza anketalarynda bolsa, ýörite surat ölçegleri we arka fon reňkleri talap edilýär. Her bir fotostudiýa bolsa, sizi kanagatlandyryp biljek hildäki fotosuraty çykarman biler. Galyberse-de, resminamalar üçin surata düşmäge ýörite ýola çykyp, bir ýerlere gitmeli, suratlar taýýar bolýança garaşmaly bolýar.
FotoLab bu meseläniň öýde ýa işde oturan ýeriňden çözülýän aňsat usulyny hödürleýär. Islendik adam Play Marketden ýa-da App Store-den FotoLab ykjam goşundysyny telefonyna ýükläp alyp, öýünde ýa-da işde oturan ýerinden öz smartfonyna surata düşüp, şol ykjam goşundyny üsti bilen suratyny ýükläp biler we ähli talaplara laýyk gelýän suraty sargyt edip biler. Suratyňyzy taýýar bolýança, siz başga has möhüm işlere meşgul bolup bilersiňiz.
FotoLab dürli wizalar üçin surat işlemekde ýyllyk tejribä eýedir.
FotoLab ykjam goşundysy otyran ýeriňizden islegiňiz boýunça düşen suratyňyza erkekler üçin kostýum we aýal maşgalalar üçin milli köýnek geýdirmek mümkinçiligini hödürleýär. Ykjam goşundyda telefonyň galereýasyndan taýýar surat saýlamak ýa-da kamera düşmek mümkinçiligi hem bar.
Talyplar talyplyk şahadatnamalary üçin islege görä aýra-aýra düşüp hem, bütin toparyň suratlaryny bile düşüp hem, FotoLab arkaly, eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp sargyt edip bilerler.

FotoLab ykjam goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz:
Google Play we App Store


düýn 18:22
5.1k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
2.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
3.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....