Redmi arzan smartfon hataryny çykarar

  • 03.04.2024 21:14
  • 9.8k+

Redmi kompaniýasy Turbo smartfonlarynyň täze hataryny çykarar. Weibo sosial ulgamynda kompaniýa Little Tornado (“Kiçijik Tornado”) kod ady bilen Redmi Turbo 3 gurluşyny anons etdi.

Gajetiň esasy artykmaçlygy Snapdragon 8s Gen 3 prosessorynyň kömegi bilen flagman öndürijiligi bolar, şol bir wagtyň özünde ol Redmi K seriýaly smartfonlardan arzan bolar.
Smartfonyň 2024-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýda görkezilmegine garaşylýar. Soňrak ol dünýä bazaryna hem çykar we “Gizmochina” neşiriniň çaklamagyna görä, onuň ady Poco F6 diýlip üýtgediler. Mundan başga-da, bu brend bilen ýene bir model – F6 Pro taýýarlanýar, gürrüňlere görä, ol Snapdragon 8 Gen 3 prosessorynyň doly derejeli wersiýasyny alar we maý aýynda çykar. Turbo seriýasyna ýene nähili smartfonlaryň goşuljakdygy belli däl. Ýöne Xiaomi bu hataryň gurluşlarynyň “orta aralyk öndürijilik landşaftyny üýtgetmäge” gönükdirilendigini aýtdy.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...