Pakistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen söwda şertnamasynyň tiz baglaşylmagyna umyt bildirdi

  • 02.04.2024 15:20
  • 13k+

Pakistanyň täze saýlanan Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşykda iki ýurduň arasynda üstaşyr söwda şertnamasynyň tiz baglaşylmagyna umyt bildirdi. Bu barada Orient habar berýär.

Zardariniň belleýşi ýaly, şertnamanyň baglaşylmagy söwdany giňeltmäge, sebit gatnaşyklaryny berkitmäge we sebitdäki ykdysady işjeňligi ýokarlandyrmaga kömek eder. Şeýle-de, taraplar Pakistanyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýe boljak hem-de onuň energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çalt tamamlanmagyna gyzyklanma bildirdiler.
Zardari Pakistanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ol Yslamabadyň ýokary derejede alyş-çalşygy giňeltmäge we iki ýurduň arasyndaky söwda möçberini artdyrmaga ýykgyn edýändigini aýtdy.
Prezident Türkmenistana eden saparlaryny ýatlady. 2010-njy ýylda ol TOPH sammitine gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza geldi, 2013-nji ýylda bolsa dördünji Halkara Nowruz festiwalynyň myhmany boldy. 


şu gün 16:02
70

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......