Kia duran ýerinden öz-özi tigirlenmek töwekgelçiliginiň bardygy sebäpli 400 000-den gowrak Telluride wnedorožnigini yzyna çagyrýar

  • 02.04.2024 14:33
  • 20k+

Kia kompaniýasy ulagyň duralgada duran ýerinden öz-özünden tigirlenip gitmegine sebäp bolup biläýjek meselesiniň bardygy sebäpli 427 407 sany Telluride wnedorožniginiň yzyna çagyrylandygyny habar berdi diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugyna (NHTSA) salgylanýan MSN habar berýär.

Aralyk walda we öňde sag tarapdaky hereketlendiriji walda bar bolan önümçilik kemçiligi awtoulag duruş düzgünine geçirilende olaryň doly ýapyşmazlygyna sebäp bolup biler. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý ulaga zeper ýetmegine we onuň öz-özi tigirlenmegine getirip biler.
Yza çagyryş 2020-2023-nji ýyllarda goýberilen Telluride modelleriniň hemmesine, şeýle-de, 2024-nji modelleriniň hem käbirlerine degişlidir.
Kia Telluride-niň eýelerine müşderilere hyzmat ediş merkezine ýa-da ýerli söwda dellallaryna ýüz tutup, ulaglarynyň yza çagyrylmaga degişlidigini ýa-da däldigini anyklamagy maslahat berdi.
Şeýle hem, ulagyň eýelerine näsazlygy duýduryjy şakyrdamak ýa-da kuwwaty peselmek ýaly alamatlara üns bermek maslahat berilýär.
Awtoulag öndürijisi sürüjileri mesele çözülýänçä el tormozyny ulanmaga çagyrýar.
Kia-nyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky söwda dellallary programma üpjünçiligini mugt täzelemäge we ähli zeper ýeten aralyk wallary çalyşmaga borçly edildi.


09.05.2026 12:43
3.4k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....