Ýaponiýanyň Sony korporasiýasy 247 megapiksel durulykda kamera üçin ilkinji datçigi hödürledi. Bu barada TechRadar neşiri habar berýär.
IMX811 datçiginiň arka yşyklandyrylan CMOS sensory, 16 bit goldawy we 3:2 gatnaşygy bar. Sensorda düşürilen suratlaryň iň ýokary ölçegi 19,2 müň 12,8 müň piksel bolar. Surata alyş tizligi sekuntda 5,3 kadr.
Sony IMX811 sensorynyň senagat taýdan ulanmak üçin öndüriljekdigini düşündirdi. Şeýle-de bolsa, TechRadar neşiriniň žurnalistleri sarp ediş elektronikasynda şuňa meňzeş datçigiň peýda bolup biljekdigini bellediler. Ýazyjylar IMX811 sensorynyň durulygynyň ähli häzirki zaman senagat maksatly kameralarynyň hemmesiniňkiden ýokarydygy sebäpli rekord derejededigini bellediler.
Materialda sarp ediş kameralarynyň has pes durulygynyň bardygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, Sony Fujifilm we Hasselblad professional kameralary üçin 100 megapiksel durulykly sernorlary öndürdi.