Aprel aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi

  • 30.03.2024 09:24
  • 12k+

29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, aprel aýynda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasyna gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak göz öňünde tutulýar.
Esasy çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......