“Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ÝGPJ-niň esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrmak teklip edilýär

  • 30.03.2024 08:45
  • 3.1k+

“Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär. Degişli teklip Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde hödürlenildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda döredilen hojalyk subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça seljermeleriň yzygiderli geçirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ÝGPJ-niň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklip hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen baglydyr.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......