Apple iPhone 16-nyň çarçuwalaryny kiçelder we ekranyny ulaldar

  • 22.03.2024 23:27
  • 7.6k+

Apple iPhone 16-da ekranyň çarçuwalaryny kiçeldip, onuň ölçeglerini ulaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Seulyň Sisa Journal-E neşirine salgylanýan Applepro.news habar berýär.

Maglumatlara görä, iPhone-yň displeýini öndürijiler mis simleri burmagyň we ýerleşdirmegiň täze tehnologiýasyny ulanyp, çarçuwalary kiçeltmegi öwrendiler. Ozal bu tehnologiýa ulanylanda gysylan simler onuň aşa gyzmagyna sebäp bolupdy, ýöne inženerler bu meseläni çözmegi başardylar.
Bu üýtgeşmeleriň Apple-iň güýzde hödürlejek iPhone 16-synyň dört modeliniň hemmesine täsir etmegine garaşylýar. BRS ultra inçe çarçuwaly tehnologiýa iPhone 16, 16 Plus, 16 Pro we 16 Pro Max-da elýeterli bolar. Şeýle-de bolsa, diňe soňky iki modeliň ekrany ulaldylar: iPhone 16 Pro iPhone 16 Pro Max ýaly, 0,2 dýuým uly displeý alyp biler.
Şeýle hem, Apple-iň Face ID modulyny ekranyň aşagynda gizläp biljekdigi mälim boldy, ýöne bu 2026-njy ýyla çenli bolmaz. Hasabatlara görä, iPhone 17 Pro täzelenen Face ID tehnologiýasyny alar, emma öňdäki kamera üçin tegelek kesigi  öňküligine galdyrylar. Apple meýilnamalaryny üýtgetmese, ähli elementler diňe 2027-nji ýylda ekranyň aşagyna geçiriler.
Ondan öň, iPhone 16 Pro -yň çyzgylary kamera bölüminiň dizaýnynda hiç hili üýtgeşmäniň ýokdugyny görkezýän onlaýn görnüşde peýda boldy.


10.03.2026 08:10
3.6k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

02.03.2026 10:55
5.5k+

Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi...