Mercedes-Benz zawodlarynda adampisint robotlar işläp başlar

  • 21.03.2024 22:02
  • 13k+

Adampisint robotlar Mercedes-Benz awtoulag zawodlarynda işlemäge çagyrylar. Olar awtoulaglaryň ýygnalyşynyň hilini barlar we gurnama hatarlaryna ätiýaçlyk şaýlaryny getirerler.

Apptronik amerikan kompaniýasynyň Apollon modelli adampisint robotlary 25 kilograma çenli agram göterip bilýär. Robotyň beýikligi 170 santimetr, agramy 73 kilogram. German awtoulag öndürijisiniň ýolbaşçylary robotlar «ygtybarly işçi tapmak kynlaşýan ugur bolan fiziki taýdan talap ediji, gaýtalanýan we ýadadýan işleri ýerine ýetirerler» diýip bellediler. Emma robotlar ähli işçileriň ýerini tutup bilmez. Zawodyň öndürýän awtoulaglary meseleleriň ähli kynçylyklaryny hem çözüp bilýän birinji derejeli işçileri talap edýär diýip, Mercedes-iň önümçilik boýunça direktory Ýorg Burser aýtdy.
Mercedes-Benz önümçilikde kärhanalaryň işgärleri bilen adampisint robotlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy wagyz edýär. Umuman, Wengriýanyň awtoulag zawodlary adampisint robotlary işe almagyň zerur çärä öwrülendigini boýun alýarlar. Ykdysady ýagdaý sebäpli Wengriýanyň kärhanalarynyň köp işgäri Günbatar Ýewropa işlemäge gidýär.
Mercedes-Benz-iň Wengriýadaky zawodlarynda Apollon adampisint robotlarynyň ulanylmagy awtoulag pudagynda akylly androidleriň ulanylmagynyň ilkinji hadysalarynyň biridir diýip, Financial Times ýazýar. Kompaniýanyň zawodynda düşürilen wideoda işçileriň biri täze kärdeşiniň mehaniki elini gysýar.


23.05.2026 15:59
4.9k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.1k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.7k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....