The Sun: Täze Jeýms Bonduň keşbini oýnamaga esasy dalaşgär bellendi

  • 21.03.2024 06:02
  • 6.1k+

Aaron Teýlor-Jonson täze Jeýms Bond bolup biler diýip, iňlis The Sun gazeti habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, aktýor arzyly keşbi oýnamak üçin eýýäm teklip aldy we ýakyn wagtda şertnama baglaşar.

Teýlor-Jonsonyň ady ozal hem agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda agzalypdy. Şeýle-de bolsa, MGM studiýasy we franşizanyň prodýuserleri  tarapyndan resmi tassyknama entek ýok.
Jeýms Bonduň keşbini iň soňky ýerine ýetireniň 2006-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli aralykda agent 007-niň keşbinde oýnan Deniel Kreýg bolandygyny ýatladýarys. Bond hakyndaky indiki - hasap boýunça 26-njy filmiň haçan çykjakdygy entek belli däl.
2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aaron Teýlor-Jonson Sony / Marvel-iň “Kreýwen-awçy” kinokomiksinde peýda bolar. Aktýor “Kik-Ass”, “Godzilla”, “Anna Karenina” we “Million ownuk bölekler” filmlerinde ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýar.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......