Aşgabatda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça olimpiada geçiriler

  • 20.03.2024 14:44
  • 3.2k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazarýaka döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça Halkara olimpiada geçiriler.

Olimpiadanyň esasy maksady talyplaryň halkara gatnaşyklary we geosyýasat ulgamynda intellektual başarnyklaryny we ukyplaryny ýüze çykarmakdan, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, okuw-bilim tejribesini alyşmaga, ylmy-bilimleri özara bähbitli alyşmaga ýardam bermekden, häzirki zamanyň ylmy we amaly wezipelerini çözüp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmek geçiriljek çäräniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. 
Olimpiadany Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de 22–25-nji maý aralygynda geçirmeklik bellenildi. Oňa gatnaşmaga döwletleriň hersinden bir mugallymyň ýolbaşçylygynda üç talyp çagyrylýar. Olimpiada aýratynlykdaky we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Olimpiada işi üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar. 
Deslapky maglumatlara görä, gatnaşjaklara halkara gatnaşyklarynda we geosyýasy modelirlemede häzirki zaman ýagdaýlar; halkara gatnaşyklaryny we halkara işlerini öwrenmekde matematikanyň we matematiki modelirlemäni ulanmagyň täze ugurlary; halkara gatnaşyklary ulgamyny öwrenmekde matematiki usulyýetleriniň ulanylyşy; halkara syýasatyny modelirlemekde täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy; halkara ulag logistikasynda ählumumy ýagdaýlary seljermek; halkara logistikanyň sanly ulgama geçişiniň öwrenilişi; daşary syýasy seljermäniň ösüşi, bu babatda ylmy-amaly barlaglara ýardam bermek we şulara meňzeş ugurlar boýunça meseleler teklip ediler. 
Olimpiadanyň eminleriniň düzümine gatnaşyjy toparlaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri girer. 
Olimpiadanyň ýeňijileri medallar hem-de degişli derejeli diplomlar, şeýle hem Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanarlar. 
Olimpiada barada goşmaça maglumat Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň saýtynda ýerleşdiriler. 


12.05.2026 20:28
1.5k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
3k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......