Türkmenistanda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkezi işläp başlady

  • 31.01.2024 13:47
  • 3.6k+

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi. Deňeşdirme-hukuk öwreniş çygrynda ylmy seljermeleri geçirmek; hünärmenleriň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak; bilelikde ylmy-amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak; kanunçylygy kämilleşdirmek babatda maslahatlaşmalary geçirmek merkeziň esasy wezipeleri bolup durýar.
Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde, bu ýerde ýörite edebiýatlaryň jemlenilmegi we onuň kitaphana gaznasynyň emele getirilmegi, degişli enjamlaryň işjeň ýagdaýda hereket etmegi üpjün edilýär. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar.
Maglumat merkeziniň işiniň esasy ugry Türkmenistanyň we Germaniýanyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, onuň döredilmegi hem-de açylmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine, mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna itergi berer.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......