TikTok platformanyň beta görnüşinde 30 minutlyk wideolary synagdan geçirýär

  • 30.01.2024 12:57
  • 4.7k+

TikTok ulanyjylara synag režiminde 30 minutlyk wideo ýüklemäge mümkinçilik berdi. Platforma meşhurlyk gazanan gysga wideo formatyndan kem-kemden daşlaşýar diýip, TechCrunch-a salgylanýan Inc. habar berýär.

Täze wariant Angliýa üçin programmanyň beta wersiýasynda bellendi.
TikTok deslap 15 sekuntdan köp bolmadyk gysga wideolar bilen meşhurlyk gazandy, soň bolsa çäk bir minuta, soň üç, soň bolsa 10 minuta çenli köpeldi.
Gysga wideolar onda häzir hem köp. Uzynlygy 30 minuda çenli bolan wideolary ýüklemek mümkinçiligi beta-synag görnüşinde galjakmy ýa-da ähli ulanyjylar üçin elýeterli boljakmy, entek belli däl.
TikTok-yň Douyin diýlip atlandyrylýan hytaý dilindäki görnüşinde (bu programma Pekinde ýerleşýän ByteDance kompaniýasyna degişli) şeýle dowamlylykdaky  wideo 2022-nji ýyldan bäri elýeterli.
Ýakynda biz TikTok-yň aýratynlygynyň ýene bir täze potensialy - emeli aň ulanyp aýdym döretmek ukyby barada habar berdik.


26.05.2026 15:58
1.8k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......