Seagate rekord 30 TB ýady bolan HDD hödürledi

  • 24.01.2024 15:37
  • 7k+

Amerikanyň maglumat saklaýjy enjamlary öndürýän Seagate kompaniýasy rekord göwrümli içerki ýady bolan täze Exos 30 TB gaty diski hödürledi diýip,  Gizmochina salgylanýan Ferra ýazýar.

Täze önümiň esasy aýratynlygy gaty diskiň içinde aýlanýan magnit plastinalara köp mukdarda maglumat ýygnamaga mümkinçilik berýän Mozaic 3+ tehnologiýasynyň ulanylmagydyr. Bu adaty demir garyndyly magnit göterijileri has kiçi, has dykyz platina erginli nanobölejikler bilen çalyşmak arkaly gazanylýar. Bu şol bir fiziki giňişlikde has köp maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýär.
Mozaic 3+ tehnologiýasy adaty ýazgy usullaryndan has az güýç talap edýän lazer-goldawly ýazgy prosesini hem öz içine alýar.
Exos 30TB diňe bir täsin galdyryjy göwrümi bilen tapawutlanmaýar. Şeýle hem az energiýa sarp edip, energiýa netijeliligine gönükdirilen maglumat merkezlerini özüne çekýär.

düýn 11:10
1.1k+

OpenAI we Anthropic iň täze AI modellerini ýapyk tertipde çykarýar: näme üçin beýlekä?

OpenAI kompaniýasy öz blogunda çat-botunyň iň täze wersiýalary bolan GPT-5.6 Sol-yň, Terra-nyň we Luna-nyň çykarylandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň hökümetiniň talap etmegi boýunça bu modellere elýeterlilik hökümet......

28.06.2026 10:31
6.6k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1.1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.3k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......