«Sanly ulgam hyzmatlary» HJ netijeli sanly çözgütleri Türkmenistanyň bazaryna hödürleýär

  • 23.01.2024 15:04
  • 25k+

Ýakynda Türkmenistanyň sanly tehnologiýalar bazarynda täze kompaniýa – “Sanly ulgam hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti peýda boldy. Bu kompaniýa ýokary hilli önümleri döretmekde professionallygy bilen tapawutlanýar.

“Sanly ulgam hyzmatlary” birnäçe esasy ugurlar boýunça iş alyp barýar.
Birinjiden, kompaniýa ulanyjylaryň häzirki zaman isleglerini kanagatlandyryp bilýän özboluşly web-saýtlary we ykjam goşundylary işläp taýýarlaýar.
Ikinjiden, kompaniýa döredilýän programmalaryň diňe bir netijeli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, estetiki taýdan ýakymly bolmagy üçin ýokary hilli UX/UI dizaýn hyzmatyny hödürleýär.
Kompaniýanyň işiniň ýene-de bir esasy ugry – web we ykjam goşundylaryň tehniki goldawy. “Sanly ulgam hyzmatlary” müşderiniň web we ykjam goşundysynyň durnukly işlemegini we ulgamlaýyn täzelenip durmagyny kepillendirýär.


Mundan başga-da, kompaniýa 3600 panorama surata düşürmek işlerini hem ýerine ýetirýär. Bu hili görnüşde düşürilen suratlar, mysal üçin, satjak bolýan jaýyny müşderä has ýokary hilli görnüşde görkezmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň taýýarlan önümleriniň hatarynda ulag serişdesine gözegçilik etmek boýunça sertifikatlaşdyrylan GPS monitoring ulgamy bar. Her bir awtoulag üçin aýda 50 manat töläp, müşderi öz ulag serişdesine öýde, işde ýa-da dynç alyşda oturan ýerinden gözegçilik edip biler.

Kompaniýa we onuň hödürleýän hyzmatlary barada has giňişleýin maglumaty www.suh.com.tm saýtyndan ýa-da şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz:
(+993 63) 07-67-16.


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......