Mersedes-Benz Germaniýadaky ähli awtosalonlaryny we Ştutgartdaky şahamçasyny satar

  • 22.01.2024 13:09
  • 18k+

Mersedes-Benz Germaniýadaky ähli awtosalonlaryny, şeýle hem kompaniýanyň Ştutgartdaky baş edarasyndaky şahamçasyny satuwa çykardy. Şol bir wagtyň özünde, awtoulag öndürijisi maliýe kynçylyklaryny başdan geçirmeýändigini mälim etdi diýip, Germaniýanyň Bild neşirine salgylanýan TASS habar berýär.

Kompaniýa ýurtdaky 80-den gowrak göz öňüne tutulýan alyjylar bilen gepleşiklere başlamagy meýilleşdirýär. Mersedes-Benz-iň wekili bu kararyň şäherlerde we oba ýerlerinde ýerleşýän ähli awtosalonlara degişlidigini tassyklady.
Satuwa çykarylan awtoulag salonlarynda, Mersedes-Benz -iň täze eýeleri bilen gol çekmegi meýilleşdirýän şertnamalaryna laýyklykda, işini dowam etdirjek 8 müň adam işleýär.
Kompaniýa awtosalonlaryny maýa goýmak isleýän we ykdysady kynçylyk çekmeýän taraplara satmagy meýilleşdirýär, şol bir wagtyň özünde kompaniýa ähli awtosalonlaryny bir kompaniýa satmagy gadagan edýär.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....