MLS-iň oýny Messi üçin has uly stadiona geçirildi

  • 11.01.2024 19:11
  • 12k+

Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) kluby «Sporting Kanzas-Siti» öz meýdançasynda «Inter Maýami» bilen geçirjek duşuşygyny myhmanlaryň argentinaly Lionel Messiniň meşhurlygy sebäpli başga bir stadiona geçirdi. Bu barada «Kanzas-Sitiniň» resmi web sahypasynda habar berilýär.

«Sporting Kanzas-Siti» bilen «Inter Maýami» toparlarynyň arasyndaky oýun 13-nji aprelde geçiriler. Kanzasyň futbol topary 18467 tomaşaçy üçin niýetlenen «Çildrens Mersi Park» stadionynda oýnaýar. Messiniň toparyna garşy oýun 76416 adamlyk «Errowhed Stedium» stadionynda geçiriler.

«Bu oýna liga senenamasyny çykaraly bäri görlüp-eşidilmedik gyzyklanma döredi. Munuň şu ýazda Kanzas-Sitidäki iň uly waka boljakdygyna ynanýarys. Lionel Messiniň MLS-iň çäklerinde Orta Günbatarda, «Errowhed Stedium» stadionyndaky ilkinji oýnuny geçirmek mümkinçiligi diýseň tolgundyryjy. Çünki sebitimiz şu tomus Amerikanyň Kubogynyň oýunlaryny we 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär» diýip, «Sporting Kanzas-Siti» toparynyň baş direktory Jeýk Rid belledi.

«Bu oýna gyzyklanma we isleg gaty ýokary, şonuň üçin biz iki klubyň hem, olaryň janköýerleriniň we tomaşaçylarynyň hem «Kanzas-Siti Çifs» toparynyň meýdançasynda geçiriljek täsin futbol oýnundan lezzet aljakdygyny bilýäris» diýip, amerikan futboly klubynyň prezidenti Mark Donowan aýtdy.


şu gün 13:42
1.1k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......