ABŞ-da Apple Vision Pro garyşyk hakykat tuwulgasynyň satylmaga başlanjak güni yglan edildi

  • 10.01.2024 09:53
  • 4.7k+

ABŞ-da Apple Vision Pro garyşyk hakykat tuwulgalarynyň satuwy 2-nji fewralda başlar diýip, kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk aýtdy. Enjamyň haçan beýleki ýurtlarda satuwa çykaryljakdygy entek belli däl.

Kompaniýanyň web sahypasy deslapky sargytlaryň 19-njy ýanwardan başlap resmileşdirilip bilinjekdigini habar berdi.
Vision Pro Apple-iň,  iPhone-dan soň, iň möhüm enjamy diýilýär. Kompaniýa azyndan 2015-nji ýyldan bäri garyşyk hakykat tuwulgasyny ösdürýär. Enjam ilkinji gezek 2023-nji ýylyň iýunynda görkezildi.
Apple-iň garyşyk hakykat tuwulgasy sanly obýektleri we hakyky dünýädäki zatlary bir suratda birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Enjamy sesiňiz, eliňiz we nazaryňyz bilen dolandyryp bolýar; garyşyk hakykat tuwulgasy üçin täze VisionOS operasiýa ulgamy döredildi.
256 GB içerki ýatly Apple Vision Pro-nyň bahasy 3 499 dollar bolar. Gajetiň çykmagy bilen kompaniýanyň bu bazaryň beýleki gatnaşyjylary - Meta, Sony we Microsoft bilen bäsleşmegine garaşylýar.


şu gün 20:25
2

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
1.7k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......