Halkara kosmos stansiýasynda 3D çap usulynda adamyň beden agzasy çap edildi

  • 15.09.2023 14:48
  • 8.9k+

Alymlar kosmosda ilkinji gezek 3D görnüşinde adam bedeniniň agzasyny çap etmegi başardylar. Bu ýerde dyz bogunlarynyň kekirdewügi çap edildi.

Bu synag ýakynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) geçirildi. Gözlegde geçen ýyl HKS-e getirilen 3D çap enjamy ulanyldy. «Syýa» hökmünde adamyň öýjükleri we kollagen ulanyldy.
Synaga NASA-nyň kosmonawtlary Frenk Rubio, Uorren Hoburg we Stiwen Bowen, şeýle hem BAE-niň kosmonawty Sultan Al Neýadi gatnaşdy.
Kosmosda biologiki dokumalar we beýleki şepbeşik materiallar agramsyzlyk sebäpli durkuny has gowy saklaýarlar. Şonuň bilen baglylykda, olary himiki serişdeleri we ýörite enjamlary ulanmazdan ýasamak has aňsat düşýär.
Noýabr aýynda 3D çap enjamlaryny öndürýän kompaniýa derman serişdelerini işläp taýýarlamak üçin niýetlenen çeşmeleri HKS-e ibermegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, alymlar adam ýüreginiň bioprinti boýunça synag geçirmek isleýärler diýip, TechCrunch portaly ýazýar.

düýn 23:19
1.5k+

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......

düýn 18:12
2.8k+

Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni......

düýn 15:24
3.3k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......

düýn 14:52
5.2k+

Sibirde 24 müň ýyl bäri doňup duran jandar gaýtadan janlandyryldy

Alymlar Sibiriň hemişelik doňan gatlagynda takmynan 24 000 ýyl bäri duran mikroskopik köp öýjükli jandary — kolowratkany (rotifer) janlandyrmagy başardylar....