Aýa baryldy, gezek Günde. Hindistan Güni öwrenmek boýunça stansiýany uçurmaga taýýarlanýar

  • 26.08.2023 13:45
  • 18k+

Hindistan sentýabr aýynyň ilkinji hepdesinde Güni öwrenmek boýunça ilkinji kosmos stansiýasy — Aditya-L1-i uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasynyň (ISRO) ýolbaşçysy Şridhara Somanath habar berdi diýip, TASS belleýär.

“ISRO ýakyn wagtda köp sanly missiýalary meýilleşdirýär. Gönüden-göni Aditya-L1 bolar. Bu Güni öwrenmek, onuň aýtymyndaky prosesler bilen bagly missiýadyr. Raketa, ähtimal, şu gün-ertir taýýar bolar. Eger meýilnama boýunça bolsa, biz uçuryşy sentýabr aýynyň birinji hepdesine meýilleşdirýäris” – diýip, Somanath “Çandraýan-3” missiýasynyň aşak düşürilýän modulynyň Aýa üstünlikli gonuşyndan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

ISRO-nyň maglumatlaryna görä, Aditya-L1 Ýerden, takmynan, 1,5 mln km uzaklykdaky Gün – Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokadynyň töweregindäki galo-orbitasyna çykarylar. Bu nokatda awtomatiki stansiýa Ýere we Güne görä hereketsiz durup bilýär, bu hem Güne päsgelçiliksiz gözegçiligi üpjün edýär. Aditya-L1 missiýasynyň esasy maksady Gün aýtymyny, hromosferany we dürli spektrlerde Günüň şöhle saçyşyny öwrenmekden ybaratdyr.


26.10.2025 09:27
10k+

Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar

Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar...

16.09.2025 19:57
7.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.4k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
3k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...