«Çandraýan-3» Aýa gonmaga taýýarlyk görýär

  • 21.08.2023 21:32
  • 7.8k+

Hindistanyň “Çandraýan-3” Aý missiýasynyň gonuş moduly Aý orbitasynda pessaýlamak boýunça iň soňky hereketini etdi, Aý kosmos gözleg guramasynyň (ISRO) hünärmenleri gonulmazynyň öňüsyrasynda ulgamlary barlamaklyga girişdi. Bu barada ISRO X (öňki Twitter) sosial ulgamynda habar berdi.

"Tizligi peseltmek üçin ikinji we iň soňky hereket, orbitany 25 we 134 km belentlige düşürdi (perigeýada we apogeýada – TASS-yň belligi). Enjamyň ulgamlary işlediler we gondurylmak üçin saýlanan nokatda daň atmagyna garaşar. Gözegçilikde saklanýan gonuş 23-nji awgustda sagat 17:45-de (Aşgabat wagty bilen takmynan 17:15 – de) başlar "- diýip habarda aýdylýar.

Bu Hindistan tarapyndan Aýy öwrenmek  üçin ugradylan eýýäm üçünji enjam. Birinjisi Ýeriň hemrasynyň orbitasynda işini 2009-njy ýylda tamamlady. Ikinji “Çandraýan-2” hindi Aý missiýasy 2019-njy ýylda ugradylypdy we missiýa enjamy orbita çykarmak bilen birlikde , “Wikram” modulyny gondurmagy hem göz öňünde tutýardy. Ol şowsuz tamamlanypdy, ýöne “Çandraýan-2” orbital stansiýasy Aýyň orbitasynda işlemegini dowam etdirýär.
Bu missiýa üstünlikli bolsa, Hindistan (SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň) Aýda kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt bolar. 


16.09.2025 19:57
6.3k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...