Yragyň Hökümeti Türkmenistandan we Katardan gaz import etmek meseleleri boýunça komitet döretdi

  • 10.08.2023 13:39
  • 12k+

Yrakda türkmen we katar tebigy gazyny satyn almak meselelerini maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komiteti döredildi. Bu barada Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadeliň sözlerine salgylanyp, Iraqi News habarlar agentligi habar berýär.

Habar berlişi ýaly, komitetiň düzümine nebit ministrliginiň resmi wekilleri, elektroenergetika ministrliginiň geňeşçileri we beýleki hünärmenler girdi.
Garaşylyşy ýaly, toparyň biri «mawy ýangyjy» satyn almak boýunça şertnamalary maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana barar, beýleki topar deňiz ýoly arkaly suwuklandyrylan gazy imporrt etmegiň mümkinçiliklerine garamak üçin Katara barar.
Yragyň gazy import etmäge gyzyklanmasyny ýangyjyň bu görnüşine bolan islegiň ýurduň merkezi we günorta welaýatlaryndaky elektrik stansiýalarynda artmagy bilen düşündirip bolar. Olar günde ýedi müň megawatt energiýa utgaşdyrýarlar.
Türkmen gazyny import etmek mümkinçiligini ilkinji gezek  Yragyň premýer-ministri Mohammed Şia Al-Sudani ýurtda ýangyç ýetmezçilik meselesiniň yzygiderli ýüze çykýanlygy barada meselä üns çekip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Yragyň wekiliýeti mümkin bolan ylalaşyklar boýunça gepleşikleriň birinji tapgyry üçin Türkmenistana gelip görmegi meýilleşdirýär.


27.12.2025 13:07
9.6k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
19k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4.1k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...