Samsung Galaxy Z Fold5, Flip5, Tab S9 we Watch 6-y tanyşdyrjak senesi aýtdy

  • 08.07.2023 11:21
  • 7.1k+

Samsung Electronics kompaniýasy 7-nji iýulda öz uly Galaxy Unpacked çäresiniň geçjek senesini resmi taýdan yglan etdi. Tanyşdyryş 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda Aşgabat wagty bilen 16:00-da bolar. Bildirişiň yzysüre Samsung ähli täze enjamlar hatary üçin ätiýaçlyklaryň kabul edilişini açdy.

Köp sanly maglumat beriş ulgamlarynyň görkezişi ýaly, täze “Galaxy Z Fold5” we “Galaxy Flip5” eplenýän smartfonlara, şeýle hem “Galaxy Tab S9” planşetine we “Galaxy Watch 6” akylly sagatlaryna garaşýarys.
Elbetde, Samsung-yň web sahypasynda geljekdäki täzelenmeler barada jikme-jiklikler entek yglan edilmedi, ýöne kiçijik çap görnüşinde “geljekki Galaxy telefonlary we/ýa-da Galaxy Watches we/ýa-da Galaxy planşetleri” öňünden sargyda goýdurylyp bilner.
Ätiýaçdan goýdurmak deslapky sargydyň soňraky hasaba alynmagy üçin 50 dollar arzanladyş almaga mümkinçilik berer. Bir wagtyň özünde birnäçe enjam sargyt etseňizem, munuň diňe bir enjama degişlidigini bellemelidiris. Ätiýaja goýdurmaklyk ABŞ-nyň Samsung web sahypasynda eýýäm açyk, ýöne beýleki sebitlerde hem peýda bolup biler. Muny Samsung.com-dan barlap görüp bilersiňiz.


25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......