Kazanda «Ýüpek ýoly» rallisi badalga aldy. Oňa Türkmenistan hem gatnaşýar

  • 07.07.2023 14:32
  • 14691
Kazanda «Ýüpek ýoly» rallisi badalga aldy. Oňa Türkmenistan hem gatnaşýar

Penşenbe güni «Ýüpek ýoly 2023» halkara rallisine badalga beriş dabarasy Kazan Kremliniň diwarlarynyň golaýyndaky Müňýyllyk meýdançasynda geçirildi.

Ýaryşa gatnaşyjylary Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow garşy aldy. Ol: "Bu biziň üçin uly hormat - şu gün 21 ýurt, 93 ekipaž “ Ýüpek ýoly ”ýörişine başlaýar. Bu biziň respublikamyz üçin gaty möhümdir, respublikamyz awtoulaglaryň ýurdudyr. Bu ýerde islendik tehniki sporta uly isleg bildirilýär. Ýaryşa gatnaşyjylara, baýramçylygymyzyň myhmanlaryna sag bolsun aýdýaryn,  şeýle-de, elbetde  kazanlylara myhmanlarymyzy mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Ýoluňyz ak bolsun!"-diýdi.
“Dakar” rallisiniň 7 gezek ýeňijisi, “Ýüpek ýoly” ýörişiniň başlygy Wladimir Çagin hem bäsleşige gatnaşyjylara goldaw sözlerini aýtdy. "Bu gün gatnaşyjylarymyz we guramaçylarymyz iň kyn ýola rowana bolýarlar. Elbetde, olar üstünlige garaşýarlar. Ýüregiňiziň ýylylygy, güýjüňiz size köp kömek eder" -diýdi.


“Ýüpek ýoly” ýörişi 2009-njy ýyldan bäri Russiýanyň çäginde geçirilýär, käbir ýyllarda ýaryşlar Merkezi Aziýanyň we Hytaý döwletleriniň çäginde geçirildi. Bu ýyl ýaryş 6-15-nji iýul aralygynda geçiriler we Moskwada tamamlanar. Ekipažlar 5230 km aralygy geçmeli bolar, şolardan 2350 km-i ýoluň ýokary tizlikli aýratyn bölegi bolar. Umuman alanyňda, 10 günüň içinde türgenler Russiýa Federasiýasynyň 13 sebitinden, üç wagt zolagyndan geçerler.


11.07.2023 15:23
21167

Türkmen sürüjileri «Ýüpek ýoly» awtorallisinde liderlik ugrunda göreş alyp barýarlar

«Ýüpek ýoly» halkara awtorallisiniň T2 hasabynyň klassifikasiýasynyň üç tapgyryndan soň, Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri Maksatmyrat Daňatarow we Merdan TOýlyýew üçünji we dördünji orunlary...

09.07.2023 11:27
18888

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly-2023» rallisinde çykyşyny dowam edýär (Foto)

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde badalga alan «Ýüpek ýoly – 2023» rallisiniň birinji we ikinji tapgyrlary yzda galdy. Belläp geçsek, bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň...

07.07.2023 16:03
25387

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň topary «Ýüpek ýoly» awtorallisine gatnaşýar

Penşenbe güni Kazan Kremliniň diwarlarynyň golaýyndaky Müňýyllyk meýdançasynda «Ýüpek ýoly 2023» halkara rallisine badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň topary hem 13...

şu gün 07:10
4442

Agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew Dohada geçirilen bäsleşikde bürünç medal gazandy

Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen «Gran Pri II» agyr atletika ýaryşynda türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew bürünç medal gazandy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy habar berýär. 2024...