2023-nji model ýylynyň Nissan Serena-sy tanyşdyryldy

  • 02.12.2022 16:21
  • 18k+

Nissan kompaniýasy 2023-nji model ýylynyň orta ölçegdäki Nissan Serena miniweniň altynjy nesli bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze ulag, özünden öňki bilen deňeşdirilende, has baý topluma we ProPilot 2.0 awtopilotyna eýe boldy.

2023-nji model ýylynyň Serena-syň içi giňeldildi, şeýle-de täze faraly we radiator gözenekli  häzirki zaman bezegine eýe boldy. 
Öňki modeliňkä garanda, aýaklar üçin ýer giňäp, destiň başy 120 millimetr süýşdi. 
Benzin bilen işleýän wersiýasy kuwwaty 150 a.g.-ne deň bolan we aýlanýan pursady 200 Hm atmosferaly 2 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, ol doly priwodly we wariatorly hödürlenýär. Şeýle-de onuň kuwwaty 98 a.g.-ne deň we aýlanýan pursady 123 Hm bolan 1,4 litrlik täze, Nissan-yň tassyklaýşy ýaly, has ýuwaş  motorly e-Power gibrid modeli hem bar.  
Esasy aýratynlygy awtomagistral bilen bir zolakdan tizligi 40 km/s-den geçirip hereket etmäge mümkinçilik berýän ProPilot 2,0 ulgamdyr.
Ýaponiýanyň içerki bazarynda esasy benzin bilen işleýän model üçin bahalar 19 300 ýewro töwereginden başlap, e-Power Luxion-yňky 33 500 ýewro çenli baryp ýetýär. Içinden ot alýan hereketlendirijili Serena satuwa şu gyşda, gibrid bolsa - 2023-nji ýylda çykar.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......