Serdar Berdimuhamedow HHR-iň öňki Başlygynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

  • 01.12.2022 09:13
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň öňki Başlygy Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly Si Szinpine gynanç hatyny iberdi.

«Ol durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanan maksada okgunly ýolbaşçy hökmünde hytaý halkynyň taryhyna girdi we ýurduň halkara abraýyny ýokary göterdi» diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Szýan Szemin çarşenbe güni, 30-njy noýabrda Şanhaýda 96 ýaşynda aradan çykdy. Ol leýkemiýadan we içki organlarynyň funksional ýetmezçiliginden ejir çekýärdi.
Szýan Szemin 1989-njy ýylyň iýunyndan 2002-nji ýylyň noýabry aralygynda HKP-niň Merkezi Komitetiniň baş sekretary, 1993-2003-nji ýyllarda bolsa HHR-iň Başlygy wezipelerini eýeledi.


09.06.2026 07:40
8k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8.1k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
10k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....