Xiaomi her ýyl 10 milliondan gowrak elektrokar çykarmagy wada etdi

  • 29.11.2022 13:45
  • 9.1k+

Hytaýyň smartfonlar we durmuş maksatly dürli tehnikalaryň önümçiligi bilen meşhur Xiaomi kompaniýasy dünýä bazarynyň 80%-ni eýelejek iň iri elektromobil öndürijileriň bäşligine girmek isleýär. Şereketi esaslandyryjy we onuň baş direktory Leý Szýun her ýyl batareýa bilen işleýän 10 milliondan gowrak ulagy goýbermegi meýilleşdirýändigi barada sosial torlarda ýazdy diýip, CarNewsChina habar berýär.

Xiaomi elektroulag senagatynyň derňewini geçirip, şeýle netijä geldi, ýagny bu senagat «kämillige» ýetende  ählumumy önümçiligiň bäşden dördüsini aralary «brutal»  bäsdeşlikli bary-ýogy bäş kompaniýa üpjün eder. Ol täze tehniki jikme-jiklikleri äşgär etmedi.
Birnäçe gün mundan öň, Xiaomi Group ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe hasabatyny çap etdi. Gaýry zatlar bilen birlikde, onda 829 million ýuan (115,9 million dollar) möçberindäki täze maýa goýumlar hem agzalyp geçilýär. Olary kompaniýa «akylly» awtoulagy döretmegi hem öz içine alýan öz innowasion işlerine gönükdirer.
Owal  Xiaomi-niň elektrokarynyň inžener prototipini  şu ýylyň awgustynda aýan etjekdikleri habar berlipdi,  emma ol köpçülige tanyşdyrylman galdy. Şol bir wagtda, Hytaýyň HBS-niň maglumatlaryna görä, ol gurlan eken, ýöne tanyşdyrylyş sentýabryň ahyrynda amala aşdy. Ulagyň zawod içinde MS11 diýen belgisi, 800 woltlyk arhitekturasy we 354 a.g. deň güýç gurluşy bar. Iýul aýynda peýda bolup ugran, ogrynlyk bilen düşürilen suratlardan çen tutsaň, bu sportsedan bolmaly.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....