ABC: ABŞ-da «Ien» tupanynyň pidalarynyň sany 100 adamdan geçdi

  • 04.10.2022 15:12
  • 31k+

Geçen hepdede ABŞ-nyň Florida ştatyna baran «Ien» tupany zerarly azyndan 103 adam aradan çykdy. Bu barada sişenbe güni ABC telekompaniýasy habar berdi.

Onuň berýän maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler 99 adamyň, ýene-de 4 adamyň Demirgazyk Karolina ştatyndan aradan çykandygyny habar berdiler.
Dördünji derejä eýe bolan «Ien» tupany Florida ştatynyň kenarýakasyna çarşenbe güni ýetdi. Penşenbe güni ol tropiki tupan derejesine çenli peseldi, emma soň sekuntda 33 metr tizlige ýetýän şemally birinji derejä çenli güýçlendi. Floridanyň gubernatory Ron Desantisiň aýtmagyna görä, weýrançylyklary doly dikeltmek üçin ýyllar gerek bolar. Ştatda 556 müňden gowrak adam elektrik togundan kesildi.

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýoldaşy Jill bilen bilelikde 5-nji oktýabrda Florida baryp görjekdigini mälim etdi.


düýn 18:53
6.1k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.1k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......