YHÖG dünýä ykdysadyýetiniň haýallaýandygyny habar berdi

  • 30.09.2022 11:16
  • 4k+

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň (YHÖG) maglumatlaryna görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi şu ýylyň ahyryna çenli gowşak bolar we 2023-nji ýylda has hem peseler. Muny “Golos Ameriki” ýetirýär.

YHÖG haýallamanyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýagdaýlary we Hytaýyň sosial-ykdysady syýasatyny belledi.

“Uruş, energiýa göterijiler we azyk önümleri üçin bahalaryň ýokary bolmagy, şeýle-de Hytaýyň COVID-19 üçin syýasaty ösüşiň haýallajakdygyny, inflýasiýanyň bolsa has ýokary we durnukly boljakdygyny aňladýar” – diýip, YHÖG-niň baş sekretary Matias Kormann žurnalistlere aýtdy.

Hasabatda tutuş dünýäde COVID-19 bilen bagly gorkularyň gowşandygy sebäpli, ykdysady işiň işjeňleşendigi nygtalýar.
Şol bir wagtyň özünde, çaklamalara görä, global ösüşiň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda gowşak boljakdygy we 2023-nji ýylda hasam haýallap, ýylda bary-ýogy 2,2% boljakdygy bellenilýär.


düýn 14:43
7k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......