Dünýä ýygyndysy ilkinji gezek tennis boýunça Leýweriň Kubogyny utdy

  • 26.09.2022 14:45
  • 5.6k+

Amerikaly tennisçi Frensis Tiafo gresiýaly Stefanos Sisipasy utup, "Leýweriň Kubogy" toparlaýyn ýaryşynda dünýä ýygyndysyna ýeňiş getirdi. Ýaryş Londonda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Duşuşyk dünýa ýygyndysynda çykyş edýän Tiafonyň peýdasyna 1:6, 7:6 (13:11), 10:8 hasabynda tamamlandy. Sisipas Ýewropanyň toparynda çykyş etdi. Dünýä ýygyndysy 13-8 umumy hasap bilen ýeňiş gazandy.
Ýewropanyň ýygyndysynyň we dünýä ýygyndysynyň çykyş edýän Leýweriň Kubogy bäşinji gezek geçirildi. Toparyň kapitanlary "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň 11 gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy Býorn Borg we "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň ýedi gezek çempiony, dünýäniň eks-birinji raketkasy amerikaly Jon Makinroýdyr. 
Dünýä ýygyndysy ýaryşyň ilkinji gezek ýeňijisi boldy. Ýewropanyň ýygyndysy geçen dört ýaryşda-da ýeňiş gazandy, 2020-nji ýylda ýaryş koronawirus pandemiýasy sebäpli geçirilmedi. 


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....