HBS Messiniň “Barselona” dolanmaga taýýardygyny habar berdi

  • 25.09.2022 13:36
  • 18k+

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi “Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta bilen katalon toparyna gaýdyp barmak ähtimallygyny maslahatlaşdy. Bu barada Forbes habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.

Habar berlişi ýaly, Messi bilen Laporta şu hepde telefon arkaly habarlaşdylar we “Barselonanyň” prezidenti häzirki wagtda “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisinden gaýdyp gelmek mümkinçiliklerini sorady. Muňa 35 ýaşly Messi ýylyň ahyryna çenli 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna üns berjekdigini, ýöne DÇ-den soň “Barselona” barada has jikme-jik gürleşmäge taýýardygyny aýdyp jogap berdi.
2021-nji ýylyň tomsunda iki tarapy-da kanagatlandyrýan täze şertnamany Ispaniýanyň futbol çempionatyndaky klublar üçin hereket edýän düzgünleri göz öňünde tutýan maliýe we gurluş häsiýetli böwetler sebäpli” baglaşmagyň mümkin bolmandygy üçin Messiniň “Barselonadan” gidýändigi habar berildi.
Şondan soň Messi “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy.


şu gün 11:46
2.5k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 10:10
5.7k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.6k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....