ABŞ noýabrda ätiýaçlyklaryndan 10 mln barrel nebit satar

  • 20.09.2022 23:21
  • 7.2k+

ABŞ-nyň Energetika ministrligi strategik nebit ätiýaçlygyndan (SNÄ) 10 mln barrel nebit satjakdygyny habar berdi. 

Energetika ministrligi noýabr aýynda Tehasdaky we Luizianadaky nebit howdanyndan 10 mln barrele çenli göwrümde SNÄ-den az kükürtli nebit goýbermegi göz öňünde tutýar. Sargytlar 27-nji sentýabra çenli kabul ediler. Ýangyç ýüklenip ugradyljak kompaniýalar bilen şertnamalary pudak 7-nji oktýabrdan gijä galman baglaşar.  
Bu möçberler mart aýynda ýangyjyň bahasynyň ýokary galmagy we üpjünçilikdäki bökdençlikler bilen göreşmek üçin ABŞ tarapyndan 180 mln barrel möçberinde SNÄ-däki nebiti ýerlemek boýunça yglan edilen meýilnama girýär. Ilkibaşda meýilnama maýdan başlap, alty aýa niýetlenendi. Emma maý aýyndan häzirki wagta çenli ýolbaşçylyk bary-ýogy 155 mln barrel nebiti ugratmak üçin şertnama baglanyşdy. Şonda şu şertnamalaryň çäginde onuň soňky ugradyljak senesi 22-nji oktýabr diýip bellendi.
Häzirki wagta çenli SNÄ-däki nebitiň iň iri hyrydarlary nebiti gaýtadan işleýän Valero Energy Co. we Marathon Oil Corp. zawodlarynyň amerikan operatorlarydy diýip, Bloomberg ýatladýar.  


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......