Messi penaltini hasaba almazdan, gollarynyň sany boýunça Ronaldunyň rekordyny geçdi

  • 19.09.2022 20:53
  • 20k+

«PSŽ-niň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Fransiýanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda «Lion» bilen bolan duşuşykda (1:0), penaltileri hasaba almazdan, 672-nji goluny saldy diýip, Champions League Stats-yň "twitterinde" habar berilýär.

Argentinaly hüjümçä  "Mançester Ýunaýtediň", penaltini hasaba almazdan, 671 gol salan hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçip, şu görkeziji boýunça rekord goýmak başartdy. Messi bu görkezijä Ronaldudan 150 duşuşyk az geçirip ýetdi.
Messi "PSŽ-niň" düzüminde 2021-nji ýyldan bäri oýnaýar. Onuň klub bilen şertnamasy 2023-nji ýyla çenli baglaşylan we ýene bir möwsüme çenli uzaldylmaga mümkinçiligi bar.
Şu möwsümde argentinaly hüjümçi ähli turnirlerde "PSŽ" üçin 10 oýunda oýnady we olarda bäş goly hem-de ýedi netijeli pasy öz hasabyna ýazdyrdy.


düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......