“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgady

  • 29.08.2022 16:23
  • 18566
“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgady

26-njy awgustda ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasy “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgaýandygyny mälim etdi. “Moderna” garşydaşlaryny koronawirusa garşy sanjymlary öndürmek boýunça öz patent hukuklarynyň bozulmagynda aýyplaýar. Bu barada kompaniýanyň pres-relizine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň Comirnaty” atly waksinasy 2010-njy hem-de 2016-njy ýyllarda onuň özüne berlen we “мРНК” tehnologiýasynyň esasynda durýan patentini bozýar diýip hasaplaýar” diýlip, kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär. Şoňa görä-de, Massaçusets ştatynyň okrug kazyýetine we Germaniýanyň Dýusseldorf şäheriniň sebitleýin kazyýetine arza talaplary berler.
Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, “Pfizer” we “BioNTech” onuň “мРНК” waksinasynyň üstünliginde esasy orny eýeleýän patentleşdirilen tehnologiýalarynyň ikisiniň aýratynlyklaryny göçüripdir. “Haçan-da, COVID-19 peýda bolanynda, “Pfizer” kompaniýasynda-da, “BioNTech” kompaniýasynda-da ýokanç kesellere garşy “Modernanyň” “мРНК” waksinasy ýaly waksinany işläp taýýarlamak tejribesi ýokdy. Şoňa görä-de, olar öz hususy waksiýalaryny işläp taýýarlamakda bilkastlaýyn “Modernanyň” tejribesine eýerdiler” diýlip, pres-relizde nygtalýar.
Muňa garamazdan, koronawirusa garşy sanjymlaryň elýeterliliginiň zerurdygyny göz öňünde tutup, kompaniýa “Comirnaty” enjamynyň bazarlardan aýrylmagy we geljekde onuň satuwyny gadagan etmek bilen bagly kazyýet jogapkärçiligini talap etmäge çalyşmaz.


01.02.2023 10:14
8870

ABŞ kowid zerarly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini maýda ýatyrmagy meýilleşdirýär

ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy. "2020-nji ýylda ýurtda...

24.12.2022 16:01
17201

Hindistana uçup baran her 50-nji adam COVID-19 barlagyndan geçiriler

Hindistanyň howa menzillerinde gelýän daşary ýurtlularyň 2%-ni arasynda saýlap, koronawirus barlagyndan geçirerler diýip, ýurduň parlamentinde Saglygy goraýyş ministri Mansuh Mandawiýa habar berdi. Bu barada The...

28.08.2022 08:41
13787

Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär

Indi Täjigistana geleniňde PZR-barlagynyň netijesini ýa-da COVID-19-a garşy sanjym şahadatnamasyny bermeli. Bu çäreler beýleki ýurtlarda kesel hadysasynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda COVID-19-yň ýaýramagynyň...

15.06.2022 19:42
12667

Saud Arabystany koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri ýatyrdy

Saud Arabystanynyň hökümeti koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleri ýatyrýar. Bu barada duşenbe güni ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanyp, SPA habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar...