Italiýanyň meşhur galereýasy işgär ýetmezçiligi sebäpli ýapylyp bilner

  • 24.08.2022 17:03
  • 6.8k+

Florensiýanyň meşhur Uffisi galereýasy ýapylmagyň öň ýanynda dur. “ANSA” agentliginiň habar bermegine görä, onda örän ýiti işgär ýetmezçiligi duýulýar. Bu baradaky maglumaty rg.ru saýty paýlaşdy.

Muzeý toplumynyň direktory Eýk Şmidtiň sözlerine görä, goşmaça işgärler işe alynmasa, galereýa işläp bilmez. Şonuň bilen birlikde, bu muzeý 2021-nji ýylda Italiýada iň köp barlyp görülýän muzeý boldy. Oňa 1,7 million adam baryp gördi.
Şmidtiň aýtmagyna görä, Uffisi galereýasyna eýýäm 100-den gowrak hünärmen ýetmezçiligi ýüze çykdy, ýurduň Medeniýet ministrligi bolsa muzeý işgärleriniň sanyny ýene-de kemeltmegi talap edýär. Munuň sebäbi Italiýada 480 medeni merkezi öz içine alýan milli muzeý ulgamynyň hereket edip, olara işgärleriň paýlanylýandygy bilen baglydyr. Häzirki işgär sanawyna laýyklykda, bu galereýa üçin diňe 300-den gowrak hünärmene ýer berilýär. Ähli zerur işleri, şol sanda restawrasiýa geçirmek üçin bolsa Uffisä azyndan 500 işgär gerek bolup durýar.
Muzeýiň ýolbaşçylary Hökümete ýüze çykan ýagdaýdan baş alyp çykmak haýyşy bilen ýüzlendiler. Häzirlikçe galereýa gysgaldylan gün tertibinde işlemek mümkinçiligine garaýar. Meselem, muzeý öz gapylaryny diňe günüň birinji ýarymynda açar ýa-da raýatlar oňa hepdäniň diňe käbir günlerinde baryp bilerler.


27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......