Universal «Kung-fu panda 4-iň» görkeziljek senesini mälim etdi

  • 14.08.2022 08:56
  • 11k+

Universal "Kung-fu panda" multfilminiň dördünji bölüminiň çykaryljak senesini bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär.

Multfilmiň dünýä möçberindäki görkezilişi 2024-nji ýylyň 8-nji martynda geçer. Franşizanyň täze bölüminiň režissýorynyň kürsüsinde kimiň oturjagyny studiýa häzirlikçe aýtmaýar. Ýöne baş gahrymana ses berjegiň ýene aktýor Jek Blek boljagy mälim.
Animasiýa lentasyndaky wakalaryň ýene Hytaýyň çäginde ýaýbaňlanjakdygy, multfilmi işläp taýýarlamak bilen Dream Works Animation-nyň - "Kung-fu panda"-nyň öňki bölümlerini işlän prodakşnyň meşgullanjakdygy habar berilýär.
"Kung-fu panda" - iň şowly çykan animasion kinofranşizalaryň biridir. Ilkinji düşürilen üç film dünýä prokatynda 1,8 mlrd dollar toplady. Şeýle-de, 2016-njy ýylda üçünji film çykandan soň, iki serial: "Ykbalyň penjejikleri" we "Aždarhanyň rysary"  kino äleminiň perzendi Dream Works Animation-yň gorunyň üstüni ýetirdiler. 

şu gün 00:57
346

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
356

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.9k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......