Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (3-nji bölüm)

  • 12.08.2022 15:58
  • 11397
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (3-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Bu kitap haýran galdyryjy netije gazanmak üçin, aýgytly, maksada okgunly, oýlanyşykly hereket etmek baradaky kitapdyr. Bu kitabyň manysyny iki sözde beýan etmeli bolsa näme diýerdiň diýip sorasalar, men «netije gazanmak» diýip jogap gaýtarardym. Bu jogap barada oýlanyň. Eýsem, ol sizi hakykatdan hem gyzyklandyrýan jogap dälmi? Belki-de, siz özüňizi hem özüňizi gurşap alýan daşky dünýä bolan gatnaşygyňyzy üýtgetmek isleýänsiňiz? Belki-de, siz açyklygyň, alçaklygyň serhedini giňeldip, halaýan adamlaryňyz bilen gatnaşygy ysnyşykly, ýakymly etmek, okamak, saglygy berkitmek ýa-da kän girdeji gazanmak isleýänsiňiz. Şu kitapda bar bolan maslahatlary peýdalanyp bilseňiz, islegiňizden hem ýokary netijäni gazanarsyňyz. Ýöne sepgitlere ýetmeziňizden öňürti, eýýäm haýsydyr bir gowy netije gazanyp başlandygyňyza ynanmalysyňyz.

Göwnüçökgünliligiň hem asmandan inmeýändigine düşünmek zerurdyr. Ony ýokuşdyryp bolmaýar. Durmuşymyzda bolup geçýän käbir beýleki wakalar ýaly, ony hem belli bir fiziki hem pikir öwrümlerimiziň hereketi arkaly özümiz döredýäris. Bu derde sataşmak üçin siz öz durmuşyňyza belli bir nazar bilen garamaly, öz içki sesiňiziň, oýlanmalaryňyzyň kömegi bilen belli bir äheň hem içki sesiň intonasiýasy bilen bir zatlary özüňize ýetirmeli, kelläňizi belli bir ýagdaýda tutup, dem alşyňyzy hem zerur derejede amala aşyrmaly, kebzäňizi birneme küýkerdip, ýiti nazar bilen aýagyňyzyň aşagyna seretmeli. Keýpsiz ses bilen geplemek ýa-da geljekki durmuşyňyza dahylly aýylganç bir ýakymsyz wakany göz öňüne getirmek hem göwnüçökgünlige eltip bilýär.

Kalbyňda özüňe gerek emosional ýagdaýy döretmeklik kinorežissýoruň işine meňzeş iş diýip göz öňüňe getirmek bolar. Islenýän netijäni gazanmak üçin kinorežissýor tomaşaçynyň görýän hyýalyny göz öňüne getirip, sesini hyýalynda eşidýär. Eger ol tomaşaçyny gorkuzmak islese, sesi gataldyp ýa-da tomaşaçydan ýokary baha almak üçin ekrana üýtgeşik epizodlary çykaryp hem bilýär. Zehinli režissýor ekrana çykýan wakanyň ýagdaýyna degişlilikde, şol bir wakadan komediýa-da, tragediýa-da döredip bilýär. Siz hem öz aňyňyzyň ekranynda şeýle hereketi janlandyryp bilersiňiz. Şeýle başarnyk bilen hemme fiziki aýgytlaryňyzyň açary bolan aň mümkinçilikleriňizi işletmek mümkin. Siz öz hyýaly göz öňüne getirmäňizde bolýan wakalary halamasaňyz, öz islegiňize görä suraty ýagtyltmagy, sesini peseltmegi başararsyňyz. Siz öz aňyňyza Spilbergden ýa-da Skorsezeden pes bolmadyk derejede režissýorlyk etmegi başararsyňyz.

(dowamy bar).

26.11.2022 22:12
2893

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (20-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

21.11.2022 16:52
2911

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (19-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

17.11.2022 20:45
3362

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (18-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

13.11.2022 14:30
3078

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (17-nji bölüm)