Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň täze saýlanan zenan Prezidentini gutlady

  • 25.07.2022 08:53
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hem-de däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi we Prezident Draupadi Murmu berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.
Hindistanda häkimlik edýän Milli demokratik alýansdan dalaşgär Draupadi Murmu ýurduň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.
Murmu — santallar halkynyň wekili. Ol Hindistanyň Prezidenti wezipesini eýelän ikinji zenandyr. 2015-nji ýylda Murmu Jarkhanda ştatynyň häkimi wezipesine bäş ýyl möhlete saýlandy.


24.05.2026 10:33
2.4k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.2k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

13.05.2026 22:49
6.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......