IHS: 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitiň bahasy bir barrel üçin $135-a çenli ýokarlanar

  • 29.06.2022 06:11
  • 5.7k+

2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýä bazarynda hödürlemäniň ýeterlik derejede däldigi sebäpli Brent söwda belgili nebitiň bahasy bir barrel üçin 135 dollara çenli ýokarlanyp biler, şol bir wagtyň özünde 2022-nji ýylda nebitiň bahasy ortaça bir barrel üçin 122 dollar bolar diýlip hasaplanylýar. Şeýle çaklama IHS Markit (S&P Global-yň düzümine girýär) konsalting agentliginiň hasabatynda görkezilýär diýip, TASS habar berýär. 

Häzirki wagtda Brent nebiti barreline 110 dollar derejesinde satylýar. Ýöne 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde bahalar bir barrel üçin 136,3 dollara ýeter diýip, IHS-iň hünärmenleri çaklaýar. Umuman, ikinji ýarymýyllykda nebitiň bahasy barreline 135 dollar derejesinde saklanar, ýylyň dowamynda bolsa ortaça bir barrel üçin 122 dollar bolar diýip, IHS belleýär.
Agentligiň hünärmenleriniň pikiriçe, bahalaryň ýokary bolmagynyň sebäbi nebit üpjünçiliginiň ýeterlik derejede bolmazlygydyr.
IHS-iň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli ýagdaýa görä, OPEK+ ýurtlarynyň erkin önümçilik kuwwatynyň göwrümi bir günde 2,7 mln barrele (b/g) deňdir. Şeýle-de bolsa, ýylyň ahyryna çenli agentlik görkezijiniň 1,8 mln b/g çenli peselmegine garaşýar, diňe Saud Arabystany bilen BAE nebit önümçiligini artdyrmak mümkinçiligini saklar. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......